Atawatan Türkmenistan Žurnaly Bitaraply Konferensiýasynda Paýlanyldy

August 19, 2016

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini, her ýyl global ösüşden birnäçe esse ýokary görkezijilere eýe bolan ykdysadyýetimiziň ägirt uly ösüşini, “energiýanyň altyn ýurdy” adyna eýe bolan Türkmenistanyň global energiýa bazaryndaky artýan ornyny, barha kämilleşýän ata Watanymyzyň maýa goýum ýagdaýyny we mümkinçiliklerini, mähriban Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, bagtyýar halkymyzyň ajaýyp durmuşyny, türkmen medeniýetini, şanly taryhymyzy, milli sungatymyzy we edebiýatymyzy ýokary derejede çeper, kämil eserleriň üstü bilen mynasyp wasp etmek we dünýä ýaýmak biziň öňümizde goýan esasy wezipämiz bolup durýar, bu ulgamda ýurdumyz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bize döredip beren mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy özüne maksat edinen döredijilik toparymyz tarapyndan çapa taýýarlanylýan “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly, häzirki wagtda Türkmenistanda, Türkiýede we dünýäniň birnäçe döwletinde giňden ýaýradylýar. Internet ulgamy arkaly dünýäniň çar künjündäki giň okyjylar köpçüligine seslenýän “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly häzirki döwürde Türkmen we Iňlis dilinde çap edilýär.

Garaşsyzlygymyzdan güýç alýan, parahatçylyk söýüjülikli Bitaraplygymyz bilen öňe barýan, ýurdumyzdaky ösüşlere buýsanýan, ýaşyl Baýdagymyzyň şuglasyndan ganatlanýan, milli medeniýetimizden we şanly taryhymyzdan ruhlanýan döredijilik toparymyz tarapyndan çapa taýýarlanylýan žurnalymyzyň her sany 5000-7500 nusgada çap edilýär we giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

[DISPLAY_ULTIMATE_SOCIAL_ICONS]