"Atawatan Türkmenistan" halkara žurnalynyň täze sany neşir edildi
August 24, 2016
Esaslandyrylana 3 ýyl bolan “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň nobatdaky 15-nji sany çapdan çykdy. Žurnalymyzyň şu sanynda syýasatdan ykdysadyýete, medeniýetden sungata, ynsanperwer ugurlardan sporta çenli birnäçe ugurlarda dürli gyzykly makalalaryň okyjylar köpçüliginiň göwnünden turar diýip, umyt edýaris. Däp boýunça neşirimizde meşhur daşary ýurtly syýasatçylaryň, görnükli ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna aýratyn orun berilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň öňde goýan belent maksatlaryna tarap üstünlikli öňe barýan häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşi we gazananlary, döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikirlerini beýan edýärler. Neşirimiziň täze sany iň gysga wagtda neşirimiň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyna ýerleşdiriler, sanly görnüşde internet üstü bilen okamana mümkinçilik dörediler. Atawatan Türkmenistan halkara žurnaly, hukuk maslahatçy Dr.Döwran Orazgylyjowyň we Türkmenistan boýunça hünärmen Adem Kulanyň ýolbaşçylygynda hereket edýär.
Neşirimiziň şu sanynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hormatly Muhammed Nawaz Şarifiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary hormatly Kristian Friis Bahyň hem-de Türkmenistan – Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň başlygy hormatly Metin Gündogdynyň neşirimiz üçin taýýarlan ýörite makalalaryna orun berildi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hormatly Muhammed Nawaz Şarifiň makalasy türkmen-pakistan gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Ýokary derejeli döwlet syýasatçysy Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny, iki ýurduň gatnaşmagynda sebit üçin ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi barada öz makalasynda söz açýar.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary hormatly Kristian Friis Bahyň makalasy hem okyjylaryň ünsüni çeker diýip umyt edýäris. Türkmenistanyň ykdysady taýdan güýçli depginlerde ösýändiginiň şaýady bolan hormatly Kristian Bah dünýäniň abraýly guramasy bolan BMG-niň ulgamynda Türkmenistanyň ornunyň has-da pugtalanýandygyny, hormatly Prezidentimiziň ýangyç energetika, ulag we beýleki ugurlardaky halkara başlangyçlarynyň rowaç alýandygyny we bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan eýýäm birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini barada öz makalasynda gürrüň berýär.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada neşirimiz üçin ýörite ýazan makalasynda söz açýan Türkmenistan – Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň başlygy Metin Gündogdy iki dostlukly hem-de doganlaşan ýurtlaryň arasyndaky energetika, ulag we gurluşyk pudagyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň sebit üçinem ähmiýetiniň uludygyny belläp geçýär.
Türkmenistanyň global energiýa bazaryndaky orny, halkara energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde Ata Watanymyzyň ähmiýeti, şeýle hem asyryň ýangyç serişdesi hasaplanýan “mawy altynyň” dünýä möçberindäki gorunyň ösüş depgini barada halkara guramalaryň ygtybarly çeşmelerini esas edinip, gürrüň berilýän makalanyň siziň göwnüňizden turjakdygyna ynanýarys. Baý energiýa serişdelerine eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy daşary bazarlara eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça iri maýa goýum taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirýär. Muňa mysal edip, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny getirmek bolýar. Žurnalyň şu sanynda bu taslamanyň ähmiýeti barada gürrüň berýän makala okyjylar köpçüligine hödürlenýär.
Neşirimiziň şu sanynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň doly derejede alnyp barlyşyna bagyşlanan giň göwrümli makala çap ediliýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat Aziadasy Aziýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň 45-siniň hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň 17-siniň wekiliýetlerini ýygnap, Aziýa oýunlarynyň arasynda iň irisi bolar. Türkmen paýtagtynda bina edilýän Olimpiýa şäherjiginiň desgalary öňde boljak ýokary halkara derejesindäki sport çäreleriniň giň gerimliliginiň şaýatnamasydyr. Şol desgalaryň suratlary žurnalda ýerleşdirilen uly synyň üstüni ýetirýär.
Milli taryhy öwrenmek, türkmen halkynyň maddy we ruhy baýlygyny aýawly saklamak hem-de dünýäde giňden ýaýmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugur «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçin žurnalyň sahypalarynda “Gürgenç Merkezi Aziýanyň ylmy we medeni durmuşynda”, “Owadan keçeler – bagt eçiler”, “Kärizgenlik – milli sungat” we “Çar pasly baharly daglar” ýaly makalalara uly orun berdik. Žurnalymyzyň nobatdaky sanynda şeýle hem jana şypa beriji türkmeniň gök çaýy barada giňişleýin makala ýerleşdirdik. Awtorlar bu makalalarda halkymyzy şan-şöhrata besleýän milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzüne aýan edilmegi babatda hemmetaraplaýyn goldaw berýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirip, milli-medeni mirasymyzy has içgin öwrenmäge, kämilleşdirmäge, döwrebap öwüşginler bilen üstüni ýetirmäge we geljekki nesiller üçin gorap saklamaga giň mümkinçilikleriň açylýandygy babatda gyzykly gürrüňler berýärler.
Umuman, “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň nobatdaky sanynyň mazmuny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler maksatnamalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän uly ähmiýetli wakalary wagyz etmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge ýardam berýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde taýýarlanýan “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň her sanyny müňlerçe nusgada çap edip ýaýratmaga goldaw berýän türkmen we daşary ýurt işewürlerine, kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna hoşallygymyzy bildirýäris.
Ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini, mähriban Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, bagtyýar halkymyzyň ajaýyp durmuşyny, türkmen medeniýetini we milli mirasyny, milli sungatymyzy we edebiýatymyzy ýokary derejede çeper, kämil eserleriň üsti bilen mynasyp wasp etmek we dünýä ýaýmak biziň öňümizde goýan esasy wezipämiz bolup durýar, bu ulgamda ýurdumyz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň bize döredip beren mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy özüne maksat edinen döredijilik toparymyz žurnalymyzyň nobatdaky sanyny hormatly okyjylarymyza hödürlemek bilen, ýeneki sanlarymyzda didarlaşmagy arzuw edýär. Žurnalymyzyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalaryň siziň göwnüňizden turan bolsa onda döredijilik toparymyzyň zähmetiniň ýerine düşdigi bolar!