Kärizgenlik Milli Sungat
August 24, 2016
Müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň her bir menzili halkymyzyň beýik şöhratyndan habar berýär. Uzak ýyllaryň habaryny we hakykatyny özünde jemleýän gadymy ýadygärlikler, kitaplar, beýik eserler ruhy-medeni gymmatlyk hökmünde ylmy taýdan çuňňur öwrenilýär. Halkymyzyň baý ylmy gorunyň bolandygyny subut edýän taryhy gymmatlyklarymyzyň biri hem kärizlerdir. Çünki kärizler diňe bir ekerançylyk, şäher medeniýetine degişli bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýerasty suwlary peýdalanmagyň taryhyny hem aýdyň beýan edip berýär. Birmahallar dagdan akýan derýajyklary, çeşme-çaýlary peýdalanyp, suwarymly ekerançylyk durmuşa ornaşdyrylan bolsa, soňabaka ilatyň artmagy, täze meýdanlaryň özleşdirilmegi suwa bolan islegiň hem artmagyna getiripdir. Şeýle ýagdaýda ýerasty suwlary peýdalanmak zerurlygy örboýuna galypdyr.
Kärizleriň taryhyny öwrenýän alymlar ilkinji kärizleriň mundan 5-6 müň ýyl ozal peýdalanylyp başlandygy hakdaky pikirleri ylmy esasda öňe sürýärler. Bu bolsa biziň topraklarymyzda şäher medeniýetine dahylly ilkinji ädimleriň hem hut şol ýyllarda goýlandygyny aňladýar. Çünki kärizler şäher gurluşyk medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde görülýär we öwrenilýär.
Kärizleri peýdalanmak üçin çuňňur ylym gorunyň bolmalydygy düşnükli zat. Ýerasty suwlary ýörite geçitler arkaly uzak aralyga eltmek we suwuň ýeriň ýüzüne öz akymy bilen çykarylmagy täsin ýagdaýdyr. Ylmyň häzirki ösen döwründe dürli enjamlaryň, abzallaryň bar mahalynda suwy ýokary çykarmaklyk adaty zat ýaly görünse-de, heniz şeýle ylmy mümkinçilikleriň ýok mahaly şeýle uly işleriň hötdesinden gelmek ynsanyň aň mümkiçiliklerini kämil peýdalanmagy başarýandygyny görkezýär.
Kärizgenlik ata-babalarymyza mahsus häsiýetleriň, nesilden-nesle geçirilen ylym gymmatlyklarynyň biridir. Irki orta asyrlarda kärizler we guýular hakda ylmy eserleriň hem ýazylandygyny göz öňünde tutsak, ýaşaýşyň esasy çeşmesi hökmünde görülýän suwa hemişe hem üns berlendigini görkezýär. Halkymyzyň suwa bolan hormaty, suwy peýdalanmagyň ýollary hakdaky garaýyşlary, käriz, guýy gazmaklygyň usullary, inçe tilsimleri we olar esasynda amala aşyran beýik işleri taryh sahypalaryny hem bezeýär. Ýerasty suwlary peýdalanmagyň baý tejribesine eýe bolan halkymyz, soňlugy bilen suw eltmesi kyn bolan ýerlere – dag depelerine, belentliklere hem suw çykarmagyň hötdesinden gelýärler. Öňler diňe düme hasyly bilen kanagat edilen bolsa, indi dag gerişlerinde hem suwarymly ekerançylyk has ýaýbaňlanyp başlaýar. Bu topraklarda özleşdirilen ylym gory barha kämilleşýär we goňşy sebitlere, alys ülkelere hem ýaýraýar. Belki, şonuň üçindir, Mekgede, Käbäniň ýanyndaky Arafat dagynyň depesine suw elten ilkinji adamlar hökmünde türkmenleriň ýatlanylýandygy. Ýusup ibn Taňryberdiniň “Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar” atly eserinde (XII asyr) Arafatdaky metjidi we oňa barýan basgançygy guranlaryň, Arafat dagynyň üstüne suw çekenleriň, ol ýerde howdan hem-de suw degirmenlerini guranlaryň türkmenlerdigi ýatlanylýar. Kärizler, guýular hakdaky ilkinji ylmy kitabyň hem Horasanyň häkimi Abdylla ibn Tahyr tarapyndan (IX asyr) ýazdyrylandygyny göz öňünde tutsak, bu esere türkmenleriň bu ugurdaky baý tejribesiniň esasy çeşme bolup hyzmat edendigini düşünmek kyn däl. Gadymy grek taryhçylarynyň eserinde Günorta Parfiýanyň kärizleri barada habar berilýär. Al-Horezminiň eserlerinde bolsa tirkeg mallary bilen herekete getirilýän jykyrlar hakda maglumatlar bar.
Halkymyzyň kärizgenlik sungaty aýratyn bir ylym. Onuň her sere ýeri ylmy esaslara daýanýar. Ýerasty suw akymlaryny birleşdirýän guýular toplumy çylşyrymly suw desgasydyr. Ylmy maglumatlarda, käbir guýularyň çuňlugynyň ýüz metre çenli baryp ýetendigi, ýerasty birleşdiriji çeşmeleriniň uzynlygynyň bolsa birnäçe kilometrlere uzaýandygy nygtalýar. Çylşyrymly gidrotehniki desga bolan kärizleriň gurluşygy käwagt aýlara, ýyllara çekipdir. Ondan çykarylan suw bolsa giň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin ýeterlik bolupdyr.
Käriz gazmak uly zähmeti talap edýär. Uly zähmet bolsa uly sungaty hasyl edýär. Ata-babalarymyz käriz gazmak işini halal adamlara ynanypdyrlar. Sebäbi, ýaşaýşyň esasy çeşmesi bolan suwa hemişe halallyk bilen çemeleşipdirler. Käriz gazmak sungatyny nesilden nesle geçiripdirler. Baş kärizgeniň birnäçe kömekçisi bolupdyr. Käriz gazmakda kerki, kepje, kätmen, çekiç, ige ýaly esbap-gurallar esasy serişde bolupdyr. Mümkinçilik tapylsa, pelteli çyralar hem peýdalanylypdyr. Sebäbi, toprak astynyň tümlügini ýagtylandyrmak we zähmete dowam etmek üçin juda ähmiýetlidir. Ilki bilen käriziň guýusyny gazypdyrlar. Has dogrusy, kärizlerden ýygy-ýygy peýdalanylan sebitlerde, käriz guýusyna “dikana” diýlip, at berilýär. Gazylan gumlar ýörite tulumlar, meşikler bilen guýunyň agzynda oturdylan çarh arkaly ýokary çykarylypdyr. Kärizleriň, guýularyň diwarlaryny berkitmek üçin hem zerur işler göz öňünde tutulypdyr. Ata-babalarymyz kärizleri ýörite daşlar bilen berkidipdirler, diwarlaryny ýylmap, tekizläpdirler. Käriziň her guýusynyň arasy takmynan 20-30 metr töweregi bolupdyr. Iki guýyny birikdirýän ötüge “söw” diýlipdir. Belli bir aralykdan gazylan guýular käriz suwuna gözegçilik etmek üçin hem öran amatly bolupdyr. Üstesine, ötükleriň howalanyp durmagyny, suwuň öz tagamyny üýtgetmän saklamagyny üpjün edipdir. Käriz suwuny peýdalanmak üçinem juda oňaýly bolupdyr. Kärizler wagtal-wagtal ýörite abatlaýyş, bejeriş işleri bilen gurşalypdyr. Şu zatlardan ugur alsak, käriz gazmak üçin ýeterlik inženerçilik-gurluşyk düşünjeleriniň zerurdygy ýüze çykýar. Şeýle maglumatlar esasynda bu ugry sungat derejesinde kämilleşdiren ata-babalarymyzyň baý ylym gorunyň bolandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Käriz guýularyny we olary birleşdirýän ötükleri, söwleri gazmak aňsat iş däl. Çünki suwuň endigan akyşyny üpjün etmek üçin topragyň beýikligini-pesligini, dykyzlygyny we düzümini, mahlasy toprak hem-de suw bilen baglanyşykly ähli ylymlardan, düşünjelerden baş alyp çykmak zerurdyr. Dogry kesgitlenilmese, ýer astyndan gazylýan ötügiň başga ýana sapyp gidibermegi ýa-da suwuň endigan akmazlygy hem bolup biljek ýagdaý. Emma, türkmen kärizgenleri her bir işiň emer-damaryna belet bolansoňlar, kärizleri dogry-düz gazypdyrlar. Şeýdibem, öz sungatlarynyň, öz hünärleriniň goňşy sebitlere we dünýäniň beýleki yklymlaryna hem ýaýramagyna sebäp bolupdyrlar. Käriz işleriniň hut türkmenlere mahsus ugurlaryň biridigini tassyklaýan deliller taryhda az däl. Ilkinji ekerançylyk ojaklarynyň hem hut şu topraklardygyny göz öňünde tutsak, munda hem kärizleriň ýola goýulmagy, giňden peýdalanylyp başlandygy uly rol oýnandyr.
Bir damja suwuň hikmeti, hekaýaty müňlerçe esere siňdi. Ýüzlerçe alym bu gudrat hakda dil ýardy. Olaryň ählisi jemlenip bir hakykata syrygýar – suw ýaşaýşyň çeşmesi. Suwuň bar ýerinde umyt bar. Suwuň barýan ýerine durmuş barýar. Ähli adamzat, janly-jandar, ösümlik we tebigat dünýäsi üçin suwuň hormaty, şerapaty örän beýik. Hut şonuň üçin hem ata-babalarymyz “Suwuň bar ýerinde abadan durmuş bar” diýen pähime uýupdyrlar. Ol bereketi, gadyr-gymmaty babatda duzdan hem ýokarda goýulýan ýeke-täk ýaşaýyş bulagy. Halkymyzyň suwa goýýan hormaty däp-dessurlarymyzda hem şöhlelenýär. Suw bilen baglanyşykly amala aşyran beýik işleri bolsa onuň her damjasynyň zere deňelendigini aýdyň görkezýär. Kärizler halkymyzyň ylym-bilim babatda beýik netijeleri gazanandygynyň, uly ösüşleri hasyl edendiginiň taryhy hakykatydyr.
Rahmet GYLYJOW.
Makala Atawatan Türkmenistan halkara žurnalynyň Iýun 2016 sanynda neşir edildi