TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

August 24, 2016

Energiýanyň ägirt uly gorlaryna, ýokary önümçilik we eksport mümkinçiliklerine eýe bolan ata Watanymyz Türkmenistan global energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde esasy ýurtlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan energiýa strategiýasynyň netijesinde häzirki döwürde Türkmenistan, özüniň dünýäniň esasy energiýa ýurdy derejesini has-da berkitdi. Dünýäniň gury ýerdäki iň uly tebigy gaz käni bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryna badalga berilmegi, geçen ýylyň dekabr aýynda ullanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň işe girizilmegi, şeýle hem Aziýanyň gaz kartasynyň täzeden çyzylmagyna getirjek Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagy, global energiýa bazaryna oňyn täsir etjek wakalar bolup öňe çykýar.

BP kompaniýasy tarapyndan ýaýradylan “BP Statistical Review of World Energy June 2015” atly maglumatnamada bellenişine görä, 2014-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, global subut edilen gaz gorlarynyň jemi 187.1 trillion kubmetre barabardyr. Bu bolsa subut edilen gaz gorlarynyň jeminiň häzirki sarp ediliş möçberi saklanyp galan ýagdaýynda hem 54 ýyldan soň gutarjakdygyny görkezýär. Üstümizdäki ýylyň Noýabr aýynyň 10-na Halkara Energiýa Agentligi tarapyndan taýýarlanyp halk köpçüligine ýetirilen `World Energy Outlook 2015` maglumatnamasyna görä, global gaz bazarynyň ösüş depgini her ýyl ortaça 1,4 göterim ösmek bilen 2040-njy ýylda 5 trillion 160 milliard kubmetre barabar bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, global gaz howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin täze gaz gorlarynyň üstüniň açylmagynyň wajypdygyny görkezýär. Şonda, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny has aýdyň görünýär.

Täze gaz gorlarynyň 25 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, häzire çenli global gaz howpsuzlygyny üpjün etmekde global ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigine diňe bir mysal hem şaýatlyk edýär. Eger 2004-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä şol döwürde subut edilen gaz gorlarynyň jeminiň 156,5 trillion kubmetre barabar bolandygyny, geçen 10 ýylyň dowamynda dünýä boýunça 30 trillion kub metre barabar tebigy gazyň sarp edilendigini hasaba alanymyzda, soňky 10 ýylyň dowamynda 60 trillion kubmetre barabar täze tebigy gaz gorlarynyň üstüniň açylandygyny görmek bolýar. Geçen 10 ýylyň dowamynda dünýä boýunça täze açylan tebigy gaz gorlarynyň 1/4-niň Türkmenistanyň paýyna düşýänligini guwançly bellemek gerek. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistanyň global energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde esasy goşandynyň bardyygny görkezýär. Ine şu görkezijiniň özi hem Türkmenistanyň global gaz bazaryndaky ornuny we oňyn täsirini aýdyň şöhlelendirýär.

Türkmenistan : gaz çykarmagyň ösüş depgini boýunça ilkinji dörtlükde

Halkara Energiýa Agentligi, 2040-njy ýyla çenli global gaz bazarynyň ösüş depginine beren seljermesinde wagty, ýakyn geljekde özüniň içerki gaz önümçiligini ýokary derejede artdyrmagyna garaşylýan ýurtlaryň sanawyny berýär. Bu ýurtlaryň her biriniň içerki gaz önümçiliginiň ýakyn geljekde azyndan 100 milliard kubmetre barabar goşmaça ösmegine garaşylýar. Şonda Ata watanymyz Türkmenistan, özüniň ägirt uly önümçilik mümkinçilikleri bilen şeýle sanawda ilkinji dörtlüge girýär.
Aziýanyň gaz kartasy täzeden çyzylýar

Mälim bolşy ýaly ýakynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan” gaz geçirijisini gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň baştutany bolup durýan “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernine geçirijiligi ýylda 33 milliard kub metr bolan Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak işleri tabşyryldy. Karara laýyklykda, TOPH taslamasynyň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak hem-de desgalary 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak gözöňünde tutulýar. Bu gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň möhüm ykdysady, durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmäge ýardam eder we täze iş orunlarynyň müňlerçesini açmaga, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş-üpjünçilik düzümini döretmäge mümkinçilik berer, tutuş sebitde durnukly syýasy we durmuş ösüşini gazanmak üçin amatly şertleri döreder.
Ýakyn geljekde durmuşa geçmegi bilen Hindistanyň gaz bazaryna barýan ilkinji transmilli gaz geçiriji bolmagyna garaşylýan bu halkara ähmiýetli gaz geçirijisiniň başlangyç tapgyrda iri “Galkynyş” gaz käni serişdeler binýady bolsa gerek. Dünýäniň gury ýerdäki iň uly tebigy gaz käni bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, ýakynda bu gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň taslama işlerine badalga beriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi hem Hytaýyň ilkinji transmilli gaz geçirijisi bolupdy. Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçmegi bilen, diňe bir Owganistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň gaz bazarlaryna oňyn täsir etmän, eýsem bu gaz geçiriji Aziýanyň gaz kartasynyň täzeden çyzylmagyna getirer. Hindistanyň diňe bir Aziýanyň däl, eýsem dünýäniň esasy ykdysadyýetleriniň biridigini, ýakyn geljekde, bu ornuny has berkitjekdigini hasaba alanymyzda Atawatanymdan gözbaş alýan bu gaz geçirjiniň ähmiýeti has düşnükli bolýar. Bu gaz geçiriniň durmuşa geçmegi bilen dünýä ylatynyň tas ýarysyna golaýynyň mesgen tutýan ýurtlarynda türkmeniň “mawy altyny” alawlanar.

Hindistanyň gaz bazary 3 esseden gowrak öser

Türkmen tebigy gazyna uly gyzyklanma bildirýän, özüniň artýan gaz islegininiň esasy bölegini türkmen tebigy gazynyň hasabyna üpjün etmek isleýän Hindistanyň gaz bazary geçen ýyl 5,1 göterim ulalypdyr. Tebigy gaz Hindistanyň gaz bazarynda geljegi uly ýangyç serişdesi bolar diýip garaşylýar. Ýakyn gelejekde, Hindistanyň kömür bazarynyň ösüşi ýyllyk ortaça 3,8 % nebit bazarynyň bolsa 3,6 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Şol döwürde, bu ýurdyň gaz bazarynyň ýyllyk ortaça ösüşi 4.6 göterime barabar bolar. Şeýlelikde, tebigy gaz Hindistanda ösüşi iň ýokary gazylyp alynýan energiýa serişdesi bolsa gerek.
Hindistanyň içerki gaz bazarynda tebigy gazyň orny häzirki günde 6 göterime barabar bolsa, bu görkeziji 2040-nji ýyla çenli ýokary derejede ösüp 8 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Şol döwüre çenli Hindistanyň umumy energiýa bazarynyň ýyllyk ortaça 3,4 göterime barabar ösjekdigini hem bellemek gerek. Şeýle ýokary tizlik bilen ösýän energiýa bazarynda tebigy gazyň ornunyň artmagy, tebigy gaza bolan islegiň örän ýokary derejede artjakdygyny görkezýär.
Geçen ýyl 50,6 milliard kubmetre barabar gaz sarp eden Hindistanyň geljegiň esasy gaz bazarlarynyň birini emele getirmegine garaşylýar. Halkara Energiýa Agentiniň maglumatlaryna görä, 1990-nji ýylda Hindistanyň gaz bazary bary ýogy 13 milliard kubmetre barabar bolan bolsa, geçen 25 ýylyň dowamynda Hindistanyň gaz bazarynyň 3 esseden gowrak ösendigini görýäris. “World Energy Outlook 2015` maglumatnamasyna görä, Hindistan, 2020-nji ýylda 68 milliard, 2030-nji ýylda 121 milliard we 2040-nji ýylda bolsa 174 milliard kubmetre barabar tebigy gaz sarp etmegine garaşylýar. Başgaça aýdanymyzda Hindistanyň gaz bazary ýakyn 25 ýylyň dowamynda her ýyl ortaça 4,6 göterim ösmek bilen, häzirki görkezijisinden 3 esseden ýokary bolsa gerek. Takygy Hindistanyň gaz bazary ýakyn geljekde goşmaça 150 milliard kubmetre barabar öser.

Hindistanyň sarp edýän gazynyň 50 göterimini import etmeli bolar.

Hindistan häzire çenli özüniň gaz islegini esasan hem içerki önümçiligiň hasabyna üpjün edip geldi. Emma soňky ýyllarda gaza bolan isleginiň artmagy sebäpli Hindistan soňky ýyllarda halkara bazardan suwuklandyrylan gazy satyn almana başlady. Mysal üçin bu ýurt geçen ýyl 18,1 milliard kubmetre barabar suwuklandyrylan tebigy gaz import edipdir. Içerki gaz önümçiligi hem ýylsaýyn artýan Hindistanyň subut edilen tebigy gaz gorlarynyň jemi 1,4 trillion kubmetre barabar bolup, häzirki önümçilik kuwwaty saklanyp galsa hem ýurduň subut edilen gaz gorlaryna täze gorlar goşmaça gorlaryň üsti açylmasa 45 ýyl soňra bu ýurt ähli gaz sarp edişini importyň hasabyna üpjün etmeli bolsa gerek. Çaklamalara görä, Hindistan 2020-nji ýylda 38 milliard, 2030-nji ýylda 55 milliard we 2040-nji ýylda bolsa 89 milliard kubmetre barabar tebigy gaz öndürmegine garaşylýar. Başgaça aýdanymyzda, Hindistanyň 2020-nji ýylda 30 milliard, 2030-nji ýylda 66 milliard, 2040-nji ýylda bolsa 85 milliard kubmetre barabar tebigy gaz import etmegine garaşylýar. Bu bolsa, Hindistanyň ýakyn geljekde häzirki sarp edýän gazynyň tas iki essesine barabar tebigy gazy import etmeli boljakdygyny görkezýär. Şol döwürdäki Hindistanyň gaz bazarynyň importa garaşlygy bolsa 50 göterime barabar boljakdygyny hasaba alanymyzda ygtybarly hyzmatdaş, öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirýän ýurt bolan Türkmenistanyň “mawy altynyna” Hindistanyň bil baglamagynyň sebäbi düşnükli bolup durýar.
Elektrik senagatynda gazyň orny 5 esse artar.

Eýsem Hindistanyň gaz bazarynda sarp ediljek energiýa esasan hem haýsy ulgamlarda sarp edilerkä? Çaklamalaryň görkezijisine görä, bu ýurdyň elektrik energiýa önümçilik ulgamynda sarp edilýän gazyň möçberi ýene 25 ýyldan 5 essä golaý artsa gerek. Senagatda bolsa bu görkezijiniň 2,6 esse barabar bolmagyna garaşylýar. Öý hojalygynda bolsa bu görkeziji 2 esseden gowrak bolsa gerek. TOPH gaz geçirisiniň ýakyn geljekde üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen bu dostlukly ýurdyň öýleri we köçeleri türkmeniň “mawy altynyň” nury bilen aýdyňlansa, türkmeniň kalby deý yssy çogy bilen ýyladylar. Uly fabrik we zawodlarynyň batly çarhy hem türkmeniň “mawy altynyň” güýji bilen güýçlener. Ýurdyň ykdysadyýetiniň çaklanylýan ösüş depginiň durmuşa geçmegi üçin ygtybarly hyzmatdaşdan gelýän energiýa serişdeleriniň orny örän ýokarydyr. Bu bolsa, Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalary bilen durmuşa geçýän, TOPH gaz geçirijisiniň Hindistanyň ykdysady we energiýa howpsuzlygyna oňyn täsir etjekdigini görkezýär.
Şeýlelikde hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, TOPH gaz geçirijisi baradaky bu taslama, oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady bähbitlerden başga-da, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky “köprüsine” öwrülmäge gönükdirilendir. Bu taslama geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky we umuman, sebitdäki ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply bolar.

Dr.Döwran ORAZGYLYJOW

Makala “Atawatan Türkmenistan” žurnalynyň Dekabr 2015 senesindäki sanynda çap edildi. www.atavatan-turkmenistan.com

[DISPLAY_ULTIMATE_SOCIAL_ICONS]