ZIKIRDEN KÜŞTDEPDÄ ÇENLI
August 24, 2016
Ýurduň ýüzüni açyp görkezmekde, ony dünýä ýaýmakda syýasy we ykdysady mümkinçilikler bilen bir hatarda, medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryna hem örän ýokary orun degişlidir. Her bir milletiň kökleri taryhyň gadymylyklaryna ornaşyp gidýän örän köp öwüşginli däp-dessurlary, edim-gylymlary… şol halkyň ruhy-ahlak keşbiniň aýnasydyr. Özüniň şol aýratynlyklary bilen hem milletler biri-birlerinden tapawutlanýarlar, şol tapawutlar hem olary tutuş dünýäde adamzat kowmuna degişli bolan bütewi ruhy gymmatlygy emele getirmäge ýardam edýär. Şeýlelikde, her bir halka degişli bolan medeni gymmatlyk tutuş adamzat gymmatlygyny emele getirýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyna ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly üns berilmegi we onuň dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hut, şu hakykat bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki köp ugurlar bilen bir hatarda, dürli görnüşli edebi mirasymyzyň hem täzeden galkynyp ganatlanmagyna giň ýol açylmagy, onuň älem içre geriminiň giňelip, dabarasynyň dünýä ýaýylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Milli medeniýet we ruhy gymmatlyk barada gürrüň açylanda, ilki bilen halkymyzuň baý we köpgyraňly folklor mirasy göz öňüňde janlanýar. Folklor mirasymyzyň görnüşleriniň biri bolan küştdepdiler nusgawy milli folklorymyzyň iň şowhunlylarynyň, adamlary ruhy ähmiýeti, täsinligi bilen özüne çekmegiň hötdesinden gelýänleriniň biridir. Küştdepdileriň döreýşi öz gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýtmak bilen, biziň günlerimizde bu täsin halk döredijilik görnüşi her bir toý-tomaşanyň bezegine öwrüldi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen ylaýta-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu halk döredijilik görnüşiniň ýerine ýetiriliş ornunyň çägi has-da giňeldi. Küştdepdiniň ýerine ýetirilişi öňler belli bir sazlaşykda, köplenç, ýeke depim, üç depim görnüşlerinde bolan bolsa, häzirki döwürde onuň dürli sazlaşykly depimleri ýüze çykdy we olar sahnada ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Öňler ýerine ýetirijileriň sany iki-üç adamdan, aňry gitse on-ýigrimi adama çenli bolan bolsa, häzirki döwürde açyk meýdanlarda, giňiş sahnalarda tutuş topar küştdepdiniň ýerine ýetirijileri bolup çykyş edýärler. Bu bolsa halk döredijiliginiň bu görnüşiniň biziň günlerimizde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halk döredijiliginiň hereketli we sözli görnüşi bolan küştdepdiler barada käbir işleriň edilendigine garamazdan, bu şahyrana görnüşiň setirlerinde durmuşyň köp taraplary şöhlelendirilse-de, ony ylmy taýdan seljermek, ol barada düýpli ylmy barlag işlerini alyp barmak mümkinçiligi hem diňe Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne degişli boldy. Küştdepdi gazallarynyň tematik köpdürlüligi, olarda beýan edilýän durmuş hakykatynyň zamanabaplygy we beýleki häsiýetli taraplary ony özboluşly halk döredijilik görnüşi hökmünde göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk düzülýän we ýerine ýetirilýän gazallar sapaly döwrümiziň joşgunly mukamy bolup ýaňlanýar:
Barha artýar badymyz,
Arşa galýar adymyz,
Eziz Arkadagymyz
Biziň göwün şadymyz.
Liderimiz sarpaly,
Erenlerden arkaly,
Bagta ýetirdi bizi
Beýik işler arkaly.
Irki döwürlerden gözbaş alýan zikiriň küştdepdiniň bir görnüşi hökmünde häsiýetlendirilýän pursatlary hem seýrek däl. Bu bolsa küştdepdi bilen zikiriň özara baglanyşygyny ýüze çykaryp, zikiriň öz täze döwrüni küştdepdi ady bilen dowam etdirmegini häsiýetlendirýär. Dogrudan-da, türkmenleriň arasynda ulanylan “zikir”, “zikir çekmek” ýaly düşünjeleriň öz gözbaşyny orta asyr musulman dünýäsinde derwüşler arasynda ýörgünli bolan “raksy-semagdan”, ýagny “sema tansyndan” alyp gaýdýandygyny çaklamak mümkin. Derwüşler goşgy-gazal aýdyp, sema (tans) hereketi arkaly Allany çagyryp zikir edipdirler. Şyh Şibli, Şyh Mansur Hallaç ýaly orta asyr alymlary onuň görnükli wekilleri bolupdyr. Hereketli, sözli küştdepdi milli tansymyzyň birnäçe ýerine ýetiriliş usullarynyň biri hökmünde häzirki döwürde “zikiriň” hem onuň bir görnüşi hökmünde kabul edilmegi zikir bilen küştdepdiniň many bütewiligini ýüze çykarmaga hemaýat edýär.
Küştdepdileriň bir görnüşi hökmünde “zikir” tansynyň özboluşly taraplary, onuň ýerine ýetirilişiniň häsiýetli usullary, “zikir” bentleriniň many-mazmun aýratynlyklary baradaky ilkinji ýazuw çeşmeleri ýigriminji asyryň ýigriminji-otuzynjy ýyllaryna degişlidir. Olardan Karaşhan ogly Ýomudskiniň ”Türkmenowedeniýe” žurnalynyň 1928-nji ýylyň 9-njy sanynda çap edilen “Zikir” makalasy bu ugurda edilen ilkinji ygtybarly ýazuw çeşmesi hasaplanylýar. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda “zikir” babatda gymmatly maglumatlary habar berýän birnäçe materiallar bu halk döredijilik görnüşiniň ilkinji golýazma çeşmelerini emele getirýär. Olaryň iň irkileriniň biri-de Garagöl obasynyň ambulatoriýasynyň müdiri Kokoriniň 1936-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Ylmy-barlag institutynyň folklor bölümine ýollan 3-4 sahypalyk hatynyň tekstidir. Halk mirasynyň millilik we gadymylyk häsiýetlerine gol ýapyjy Kokorin bu obada ýerine ýetirilýän “zikir” tansynyň ýerine ýetirilişiniň häsiýetli aýratynlyklary bilen özünde uly täsir galdyrandygyny belläp, onuň öwrenilmeginiň wajypdygyny öňe sürýär. Ol hatynyň soňunda Esenguluda hem “zikiriň” ýerine ýetirilýändigi barada habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ylmy başlangyjy we goldawy bilen ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlar, medeniýet we sungat festiwallary, şeýle hem daşary ýurtlara gurnalýan ylmy saparlar netijesinde amala aşyrylýan Türkmenistanyň medeniýet günleri türkmen milli folklor mirasynyň has-da ösmekligine we onuň ýaýrawynyň artyp, geriminiň giňemekligine getirýär. Bu günki gün türkmen tansçylary, aýdymçylary, folklorçylary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda geçýän medeniýet baýramçylyklarynda milli folklor mirasymyzyň ýüzüni özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen açyp görkezýärler. Folkor mirasynyň küştdepdi žanry sahna çykanda bolsa, şowhun-şagalaňy bilen hiç bir tomaşaçyny biparh goýmaýar. Onuň jadysy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär we täsiri tomaşaçylaryň kalplaryny ganatlandyrýar.
Garaşsyz ýurt görkana,
Illerimiz erkana,
Gazal aýdyp, küşt depýäs,
Nowruz geldi ülkäme!
Gapyňyz atly bolsun,
Tagamlar datly bolsun,
Türkmenistan Watanym
Şanly-şöhratly bolsun.
Gazallaryň ýokardakylar ýaly täze nusgalary sözli hem hereketli şahyrana halk döredijilik görnüşi bolan küştdepdileriň ösüş basgançaklaryndaky tapawutly aýratynlyklaryny ýüze çykarýar.
Milli medeniýetimizi ösdürmeklige, ony her taraplaýyn öwrenmeklige, ile ýaýmaklyga, dünýä çykarmaklyga giň mümkinçilikler döreden Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Gülälek Hangeldiýewa,
TYA-nyň Milli golýazmalar
institutynyň halk döredijiligi bölüminiň uly ylmy işgäri
Makala Atawatan Türkmenistan halkara žurnalynda neşir edildi
www.atavatan-turkmenistan.com
[DISPLAY_ULTIMATE_SOCIAL_ICONS]