Dr. Döwran ORAZGYLYJOW

Häzirki wagta dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis Hukuk fakultetinde master derejesi üçin bilim alýan, Dr.Döwran Orazgylyjow, 2005-nji ýylda Türkiýämiň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlul Uniwersitetinden hukuk magistri derejesini aldy. Onyň magistrlik dissertasiýa şol ýyl “Daşary ýurt göni maýa goýumly Joint Joint Venture” ady bilen kitap görnüşinde neşir edildi. Döwran Orazgylyjow şol uniwersitetden 2012-nji ýylda hukuk ylymlarynyň doktory derejesini aldy. Ol doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlaýan wagty dünýäniň iň abraýly Uniwersitetleriniň biri bolan Amerikanyň John Hopkis Uniwersitedinde 6 hepdelik ylmy gözleg işlerini geçirdi.
Ol 2002-2006 nji ýylda Izmir şäherinde ýerleşýän hukuk firmalarynda tejribe geçirenden soňra, 2007-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt energiýa kompaniýalarynda maslahatçy bolup zähmet çekdi. 2012-nji ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan berilýän ýörite Ygtyýarnama esasynda biznes hukuku ulgamynda hukuk maslahatlaryny berýär. Dr.Orazgylyjow şeýle hem 2013-nji ýylda Atavatan Türkmenistan halkara žurnalynyň esaslandyryjy we baş redaktory bolup durýar. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda hasaba alynan daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçysy hökmünde akkreditasiýa edilen. Dr.Orazgylyjow, bir ýyl Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde bisnes hukuku dersini berdi. Ol birnäçe ylmy we gündelik makalanyň awtory bolmak bilen, ABŞ, Türkiýe, Kipr, Azerbaýjan we BAE ýaly ýurtlarda ylmy maslahatlarda çykyş etdi.

BAGLY GAL